Azerbaýjan harby türgenleşigini dowam etdirýär

Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň täze ýaraglary synagdan geçiren türgenleşigi 6-njy iýula çenli dowam eder

Azerbaýjan harby türgenleşigini dowam etdirýär

Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň 20 müň esgeriň gatnaşmagynda başladan giňeldilen türgenleşigi dowam edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Prezident İlham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama görä 2-nji iýulda başladylan türgenleşigiň atuw tapgyrynyň geçirilendigi mälim edildi.

Türgenleşige 20 müň esgeriň, 120 tankyň we sowutly ulagyň, 200-den gowrak raketanyň we top ulgamynyň, 30 uçaryň we dik uçaryň gatnaşmagyndaky türgenleşikde nyşanalaryň üstünlik bilen urlup, doly ýok edilendigi nygtalýar.

Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň täze ýaraglary synagdan geçiren türgenleşigi 6-njy iýula çenli dowam eder.



Degişli Habarlar