Özbegistanda elektrik tokda işleýän ulaglardan ýurda girişinde salgyt alynmaz

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew “Daşary ykdysady işler we Gümrük tarifleri ulgamynyň özgerdilmegi bilen bagly kararnama” gol çekdi

Özbegistanda elektrik tokda işleýän ulaglardan ýurda girişinde salgyt alynmaz

Kararnama laýyklykda daşary ýurtlardan import ediljek elektrik tokda işleýän ulaglardan gümrük geçelgelerinde salgyt alynmaz.

Ady agzalan kararnama 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girer.

Prezident Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen kararnama laýyklykda 2019-njy ýyldan başlap, ýurda import ediljek elektrik toklarda işlejek ulaglardan gümrük salgydy alynmaz.

Hytaýyň Chagan kärhanasy Özbegistanyň hökümeti bilen ýakyn wagtda elektrikli ulaglaryň önümçiliginiň başladylmagy babatyndaky gepleşiklerini dowam etdirýär.



Degişli Habarlar