Azerbaýjan 20 müň esgeriň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşige başlady

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 20 müň esgeriň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşige başlady.

Azerbaýjan 20 müň esgeriň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşige başlady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Prezident Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama görä geçirilýän türgenleşige harby güýçleriň ähli düzümleri gatnaşýar.

Jemi 20 müň esgeriň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşikde duşmana garşy geçiriljek operasiýalar we täze ýaraglar synagdan geçirler.

Türgenleşikde 120 tank we sowutly ulag, 200-den gowrak raketa we top ulgamy, 30 uçar we dik uçar, täze nesil ulaglar bilen uçarmansyz howa ulaglary synagdan geçirler.

Harby türgenleşik 6-njy iýula çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar