Aliýew Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady

Azerbaýjanyň Prezident Diwamyndan berilen beýanata görä Prezident İlham Aliýew R.T.Erdogany telefon arkaly “saýlawda gazanan uly üstünligi” mynasybetli gutlady

Aliýew Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady

Telefon söhbetdeşliginde Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde Türkiýäniň has-da ösendigini, ykdysady taýdan uly üstünlik gazanandygyny we halkara arenasyndaki pozisiýasyny has-da berkidendigini beýan eden Aliýew, Erdogana üstünlik arzuw etdi.

Erdogan hem ünsliligi we gutlagy üçin Aliýewe sagbolsun aýtdy.

Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Bakir İzzetbegowiç, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Wengiýanyň Premýer ministri Wiktor Orban hem Erdogana telefon edip, saýlawda gazanan üstünligi bilen gutladylar.



Degişli Habarlar