Gazagystanda Halkara Çarwalar aýdym-saz we medeniýet festiwaly başlady

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Çarwalaryň ýoly atly Halkara Çarwalar aýdym-saz we medeniýet festiwaly başlady

Gazagystanda Halkara Çarwalar aýdym-saz we medeniýet festiwaly başlady

Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrligi we Taňry ruhy taslamasy tarapyndan Işim derýasynyň kenaryndaky amfiteatrda geçirilen festiwalyň açylyş dabarasyna Türkiýe, Gyrgyzystan, Özbegistan, Russiýa, Wengriýa, Estoniýa we beýleki ýurtlardan jemi 19 aýdym-saz topary gatnaşdy. 

Festiwalyň ilkinji gününde Başgyrdystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Burýatiýa ýaly ýurtlardan gelen aýdym-saz toparlar öz ene dillerinde we gazak dillerinde aýdymlar ýerine ýetirdiler. 

Festiwal 24-nji iýun ýekşenbe güni tamamlanar. 

 


Etiketkalar: çarwalar , Astana , Gazagystan , festiwal

Degişli Habarlar