Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi bilen bagly maslahata gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi bilen bagly maslahata gatnaşýar

Düýn Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” baradaky gürrüňler her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy.

GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärlerini, döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýi Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 200-den gowrak adamy ýygnan forumyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki günüň dowamynda forumyň işiniň netijelerini jemlärler hem-de bilim, ylym, sport we syýahatçylyk, medeniýet, maglumatlar ulgamlarynda hem-de ýaşlar bilen işleşmek ugry boýunça mundan beýläk-de özara hereket etmegiň ugurlaryny kesgitlärler. Şeýle hem GDA-nyň giňişliginde ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň has möhüm meseleleri boýunça täze çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.

…Türkmenistan öz Bitaraplyk derejesi babatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem giň gerimli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biri hoşniýetli erk, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk däpleri, birek-biregiň bähbitlerine, deňhukukly açyk gatnaşyklar hem-de özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hormat goýmagyň esasynda Arkalaşygyň döwletleri bilen gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. Şunda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, ynsanperwer ugry boýunça hem-de syýahatçylyk, ekologiýa, sport ýaly ugurlarda tagallalary birleşdirmek üçin bar bolan köptaraply mümkinçiligiň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde dürli çärelere yzygiderli gatnaşyp, Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny we forumlaryny, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň hem-de hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerini ençeme gezek kabul etdi. 2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolup, bu möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşýändigini görkezmek bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berdi.

2012-nji we 2016-njy ýyllarda Mary we Daşoguz şäherlerine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagtlary diýen hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli guralan çäreleriň GDA-nyň giňişliginde medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ynsanperwer gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyna, Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň gymmatly milli mirasyny geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek işine uly goşant bolandygyny bellemek gerek.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda GDA döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň geçirilmegi döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap Türkmenistanyň yzygiderli eýerýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Aşgabat duşuşygynda Türkmenistanyň Baştutany eden çykyşynda biziň halklarymyzyň gatnaşyk etmegiň, dostanalygyň we özara kömek bermegiň baý tejribesine eýedigini belläp, bularyň ählisini täze eýýama kybap ýaramly etmegi, jemgyýetçilik ylalaşygyny gazanmak maksady bilen çylşyrymlaşan dünýäniň wezipelerinden ugur alyp ösdürmegi we kämilleşdirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ýurdumyzyň medeniýet we ylym ulgamyny ynsanperwer diplomatiýanyň möhüm ýagdaýy hökmünde halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge tarap gönükdirýär. Astanadaky nobatdaky duşuşyk düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň, “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghananyň, Döwlet habarlar agentliginiň we telewideniýäniň wekilleri bolan türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ylmy, halypaçylyk, wagyz ediş işlerini guramakda milli tejribäni paýlaşmaga, ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

…Forumyň öňüsyrasynda çärä gatnaşyjylar üçin sergi ýaýbaňlandyryldy. Ol gazak halkynyň taryhy, özboluşly medeniýeti we häzirki zaman gazananlary, şu ýyl özüniň 20 ýyllygyny belleýän Astananyň döreýşi hem-de ösüşiniň meýilnamalary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde täsin hem-de arheologik taryhy gymmatlyklar, sungat eserleri, şeýle hem “Arkalaşygyň ýyldyzlary” atly döwletara baýragynyň eýeleri barada gürrüň berýän foto işler görkezildi.

Açylyş dabarasynda iri forumyň maslahat meýdançalarynda duşuşyp, GDA ýurtlarynyň medeniýet we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň hünär taýdan gönüden-göni gatnaşyk etmäge hem-de ynsanperwer ulgamda möhüm taslamalary goldamaga mümkinçilige eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle duşuşyklaryň çäklerinde hemişe täze pikirler döreýär, geljegi uly teklipler öňe sürülýär. Bu pikir-tekliplere döwlet we hökümet Baştutanlarynyň geňeşleriniň derejesinde ençeme gezek garaldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň foruma gatnaşyjylara gutlagynda şeýle nygtalýar: “Biziň umumy wezipämiziň toplanan tejribe esasynda, gepleşikler arkaly Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin ugurlaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Forum GDA-nyň giňişliginde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gymmatlyklaryny has-da öňe ilerletmäge goşant goşmaga gönükdirilendir”.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili, Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlyklarynyň biri Mihail Şwydkoý Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşyga gatnaşyjylara Ýüzlenmesini okady. Ýüzlenmede ençeme ýyllaryň dowamynda forumyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer ugurda geçirilýän möhüm çäre bolup, öz netijeliligini görkezendigi bellenilýär. Russiýanyň Lideriniň Gutlagynda duşuşykdaky teklipleriň we başlangyçlaryň GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmak ýagdaýlarynyň öňe ilerlemegine hyzmat etjekdigine, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitjekdigine ynam bildirildi.

Öz nobatynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly belent at berlen Polat Bilbil ogly ösüşlere beslenen pikirleri öňe ilerletmek hem-de milletara gatnaşyklary ösdürmek üçin ajaýyp gural hökmünde häzirki forumyň oňyn häsiýetini nygtady. Gatnaşyjylary ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemme ugurlaryny gurşap alýan amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryp, ol ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň ähmiýetli ornuna aýratyn ünsi çekdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, globallaşmak şertlerinde halkara gatnaşyklar ulgamyndaky wajyp wezipeleri çözmekde medeni-ynsanperwer aragatnaşyklar ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Häzirki zaman dünýäsinde bu ugur innowasion çemeleşmeleri talap edýär. Şu babatda beýleki islendik serişdelere garanyňda, medeni diplomatiýa ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin has netijeli işlemäge ukyplydyr.

Forumyň açylmagy mynasybetli dabaralaryň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasy tarapyndan 2008-nji ýylda döredilen “Arkalaşygyň ýyldyzlary” diýen döwletara baýragynyň gowşurylyşy boldy. Bu baýrak ylym we bilim, medeniýet we sungat ulgamynda, ynsanperwer işlerde örän uly goşant we üstünlikler üçin her ýylda gowşurylýar.

Umumy mejlisiň çäklerinde, şeýle hem “Arkalaşygyň 2019-njy ýylda medeni paýtagty — Brest şäheri, Belarus Respublikasy” diýen tanyşdyrylyş guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda “GDA-da Medeniýetara gatnaşyklary — medeniýet, ylym, bilim üçin täze mümkinçilikler” diýen maslahat geçirildi. Onda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hem-de ählumumy maglumat-kommunikasiýa giňişliginiň ösdürilmegi dünýäniň ähli jemgyýetçilik we syýasy ýagdaýlaryny depginli özgerdýär, ýurtlaryň, dürli toparlaryň derejesinde hem-de aýry-aýry özbaşdak görnüşlerde hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman gurallary üçin şertleri döredýär.

Bu işler, öz gezeginde, adamlaryň diňe haýsy millete degişlidigi baradaky alamaty boýunça däl-de, eýsem, olaryň dünýä giňişliginde umumy elýeterli bolan özleriniň medeni taýdan ýakynlygyny erkin saýlap bilýän ugry babatda hem birleşýän mahaly, medeni umumylyklaryň täze görnüşiniň kemala gelmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA ýurtlarynyň intelligensiýasynyň eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi. Olar biziň halklarymyza we dünýä üçin medeniýetleriň, ylmyň we bilimiň gazananlaryna esaslanan öz hususy ulgamyny, ýaşamagyň özüne çekiji ahlak, aň-düşünjesi ösen hem-de tehnologik nusgalaryny döredip we hödürläp biler.

Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde ylmy barlaglaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy ulgamlaýyn häsiýete eýe boldy. Ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklar medeniýet we sungat, ylym we bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýaşlary alyşmak, neşirýat, muzeý, kitaphana we arhiw işleri, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi özünde jemleýär.

Foruma gatnaşyjylar häzir ynsanperwer hyzmatdaşlygyna döwrebap usullary, ilkinji nobatda, umumy ylym-bilim giňişligini ösdürmegiň hem-de ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň, talyplaryň ylmy-barlag taslamalaryny goldamagyň we beýlekileriň hasabyna häzirki zaman görnüşleri goşmagyň möhümdigi barada bir pikirde boldular. Hyzmatdaşlygyň esasynda milli mirasy, ruhy we maddy medeniýetiň ýadygärliklerini, Arkalaşygyň halklarynyň özboluşlylygyny bilelikde gorap saklamak we öwrenmek işleri durýar.

Iň esasy bolsa, ynsanperwer hyzmatdaşlyk Ýer ýüzünde parahatçylyga we ylalaşyga, halklaryň arasynda dostluga ýardam berip, umumadamzat gymmatlyklaryň ösdürilmegine hem-de berkarar edilmegine gönükdirilmelidir. Foruma gatnaşyjylar döredijilik alyşmalaryň ähmiýeti barada aýdyp, GDA ýurtlarynda ýaşaýan halklary goňşy döwletleriň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmak üçin bar bolan hemme mümkinçiliklerden, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.

Umuman, häzirki forumyň wezipesi bilelikde gatnaşyk etmegiň möhüm ýagdaýlaryna täze itergi bermekden, onuň örän uly isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemekden hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. (TDH)


Etiketkalar: Gazagystan , wekiliýet , türkmen , GDA

Degişli Habarlar