Yrakda türkmen býurokrat öldürildi

Yragyň Kerkuk şäherinde Saglygy goraýyş ministrliginiň Kerkukdaky Meýilleşdiriş müdiriýetiniň başlygy Istibrak Abdullatif öýünde janyna kast edilip öldürildi

Yrakda türkmen býurokrat öldürildi

Kerkugyň Polis müdiriýetiniň metbugat bölüminiň başlygy Afrasýaw Kamil; “Yragyň Kerkuk şäherinde Saglygy goraýyş ministrliginiň Kerkukdaky Meýilleşdiriş müdiriýetiniň başlygy Istibrak Abdullatif öýünde kimdigi näbelli adamlaryň janyna kast etmegi netijesinde öldürildi” diýdi.

Türkmen býurokraty Istibragyň kakasynyn hem öýde jesediniň tapylandygyny aýdan Kamil, polisiň waka boýunça derňew işiniň alyp barýandygyny nygtady

Kerkuk şäherinde soňky günlerde türkleriň janyna kast etmeler ünsleri çekýär.

Hüjümlerde syýasatçylar we ýokary okuj jaýlarynyň mugallymlary bilen birlikde türkmenleriň dürli gatlaklarynyň wekilleri pida edilýär. Kerkukda 8 aýyň dowamynda 21 türkmen ýaragly hüjüm netijesinde ýogaldy.


Etiketkalar: býurokrat , türkmen halky , Yrak

Degişli Habarlar