Gazagystan Liwana esger ugradýar

120 esgerlik harby toparyň ugradylmagy baradaky teklip tassyklandy

Gazagystan Liwana esger ugradýar

 

Gazagystanyň Parlamenti Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne 120 esgerlik harby toparyň ugradylmagy baradaky teklibini tassyklady.

Teklip Gazagystanyň Parlamentiniň ýokarky ganady Senat bilen aşakky ganady Mejlisde geçirlen oturluşykda halk deputatlary tarapyndan kabul edildi.

Oturlyşykda Prezident Nazarbaýewiň Gazagystanyň BMG derejesinde geçirilýän operasiýalara goldaw berilmegi baradaky teklibi Goranmak ministri Saken Žasuzakow tarapyndan okaldy.

 Prezident Nazarbaýew teklibinde Gazagystanyň BMG-nyň Liwandaky parahatçylyk güýjüne esger ugratmagy üçin taýarlyk görülýändigini we Gazagystanyň ýaragly güýçleriniň başga ýurtlarda iş alyp barmagynyň parahatçylygyň goralmagy we beýleki operasiýalar üçin söweş ukybyny artdyrmagyna we Ýakyn Gündogaryň klimat şertlerinde söweş taýarlyklarynyň synagdan geçirilmegine goşant goşjakdygyny ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar: BMG , parahatçylyk , esger , Gazagystan

Degişli Habarlar