Gazagystanyň Milli atom guramasy (Kazatomprom) Şwesiýa uran eksportyna başlady

Bu barada Kazatompromdan berilen beýannamada aýdylýar

Gazagystanyň Milli atom guramasy (Kazatomprom) Şwesiýa uran eksportyna başlady

Kazatompromdan berilen beýannamada ýadro energiýa beketleri üçin ýadro ýangyjyny almak boýunça geçirilen tenderin netijesinde gurama bilen Şwesiýa döwletiniň “Wattenfall AB-niň” arasynda gol çekişilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna laýyklykda Gazagystanyň Şwesiýa ilkinji tapgyr uran magdanyny eksport edendigi habar berildi.

Beýannamada şol ylalaşygyň Kazatompromyň eksport sebitini ýaýbaňlandyrmagyny we täze ýadro ýangyç bazaryna çykmagyny üpjün edendigi nygtalýar.

“Wattenfall AB” Şwesiýada, Daniýada, Finlandiýada, Germaniýada we Polşada 7 sany ýadro reaktoryny dolandyrýar.

Gazagystan Hytaýa, ABŞ-na, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Hindistana we ÝB-ne agza ýurtlara uran eksport edýär.



Degişli Habarlar