Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy Hytaýda öz işine başlady

"Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy G-7-den has möhüm"

989631
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy Hytaýda öz işine başlady

 

Hytaýyň Kingdao şäherinde geçirilýän Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda ABŞ-nyň goýan täze gümrük salgytlary seljerler.

18-nji Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy Hytaýyň Döwlet Ýolbaşçysy Sinpingiň açylyş çykyşy bilen öz işine başlady.

Sinping çykyşynda “”Kimdir biriniň başgalaryny kemsidip, öz howpsyzlygyny üpjün etmek tagallasyna garşy tutum alyp barmalydyrys” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň G-7-den has möhümdigini belledi.

Maslahata Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Tajigistanyň we Özbegistanyň liderleri bilen birlikde geçen ýyl gurama doly agza bolan Hindistanyň we Pakistanyň liderleri şu ýyl ilkinji gezek gatnaşýar.

 



Degişli Habarlar