Gyrgyzystan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk berkeýär

Gyrgyzystan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny maksat edinýän Giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi

Gyrgyzystan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk berkeýär

Gyrgyzystanyň Prezident diwanynyň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Prezident Sooronbaý Jeenbekow Hytaýyň paýtagty Pekine guran resmi saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi.

Ikiçäk we toparara gepleşikler geçiren Jeenbekow we Si Szinpin iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Jeenbekow sapar bilen bagly: “Gyrgyzystan Hytaýy ynamly goňşusy, hyzmatdaşy we dosty hökmünde garaýar. Ýurdumyz Hytaý üçin hem dost we ynamly hyzmatdaş boldy we şolar ýaly hem bolmagyny dowam etdirer. Hytaýa guran saparym daşarky syýasatymyzyň üýtgewsizligini görkezýär” diýip belledi.

Prezident wezipesine saýlananyndan soň ilkinji gezek Hytaýa sapar guramakdan hoşaldygyny aýdan Jeenbekow: “Hytaý Gyrgyzystana bagyş, kredit we tehniki taýdan uly kömek berýär. Bu bolsa Gyrgyzystanyň sosioykdysady ösüşine uly bir goşantdyr” diýdi.

Gepleşiklerden soň iki lider Hytaý bilen Gyrgyzystanyň arasynda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny maksat edinýän Giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.



Degişli Habarlar