Gazagystanyň Milli muzeýi daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýär

Muzeýde 170 müňden gowrak eser sergilenýär

Gazagystanyň Milli muzeýi daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýär

Gazagystanyň Milli muzeýi daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýär

Muzeýde 170 müňden gowrak eser sergilenýär

Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän we 2014-nji ýylda açylan Milli muzeý şäheriň Gazak ili meýdanynyň, Garaşsyzlyk köşküniň, Hezret Soltan metjidiniň we Amaly haşam sungatlary uniwersitetiniň ýerleşýän etrapçasynda ýerleşýär.

Daşyndan seredilende guşy ýada salýan muzeý syýahatçylaryň ýygy-ýygydan gelýän ýerlerinden biri.

74 müň inedördül metr meýdany bolan 9 gatly muzeýiň 16 müň inedördül metrlik sergi bölüminde Gazagystanyň we gazak halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny beýan edýän 170 müňden gowrak eser sergilenýär.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalardan peýdalanýan muzeýdäki LED ekranlar we hologramlar gelenleriň gazak, rus we iňlis dillerinde maglumat edinmeklerine şert döredýär.


Etiketkalar: sergilenmek , muzeý , Gazagystan

Degişli Habarlar