Özbegistan syýahatçylygyň ösdürilmegi üçin ýeňillikler döredýär

Ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlylar wagtlaýyn ýaşaýyş belligine durmakdan boşadyldy

Özbegistan syýahatçylygyň ösdürilmegi üçin ýeňillikler döredýär

Syýahatçylygyň ösdürilmegi üçin soňky döwürde möhüm başlangyçlar edýän Özbegistanda daşary ýurtlylar wagtlaýyn ýaşaýyş belligine durmakdan boşadyldy

Mart aýynda Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurduň raýatlaryny wiza düzgüninden boşadan Özbegistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin ýene-de bir möhüm başlangyç etdi.

Ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlylar wagtlaýyn ýaşaýyş belligine durmakdan boşadyldy.

Bu barada karar bilen häzirki wagta çenli daşary ýurtlylara degişli bolan “wagtlaýyn ýaşaýyş jogapkärçiligi” öý eýesine, çagyran tarapa ýa-da syýahatçylyk firmasynyň jogapkärçiligine degişli edildi.

Baran ýerlerinde üç günden köp bolmadyk möhletde ýaşajak daşary ýurtlylar bolsa wagtlaýyn bellige durmakdan boşadyldy.

Özbaşdak syýahat edýän, ulaglarda ýa-da çadyrlarda agşamlaýan daşary ýurtlylar bolsa üç günüň dowamynda internet arkaly ýüz tutup, ýaşaýan ýerleri barada degişli edaralara maglumat berer.

Karara laýyklykda daşary ýurtlylaryň bir aýyň dowamynda wagtlaýyn ýaşaýyş üçin döwlete 20 Amerikan dollaryny töleme mejburlygy hem bes edildi.



Degişli Habarlar