Daşkentdäki halkara oba hojalyk tehnologiýalary we maşynlary sergisine uly gyzyklanma bar

Özbegistanyň höklümeti tarapyndan goldanýan “Uzexpojenter” sergi firmasy tarapyndan guralan sergä Türkiýe bilen birlikde 20-den gowrak ýurtdan 100-a golaý firma we karhana gatnaşýar

Daşkentdäki halkara oba hojalyk tehnologiýalary we maşynlary sergisine uly gyzyklanma bar

Özbegistanyň Wise-premýeri Nadir Atajanow serginiň açylyşynda sözlän sözünde höklümetiň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berýändigini nygtap, maksatlarynyn ýokary girdejili harytlary öndürmekden ybaratdygyny aýtdy.

Sowadyjy we doňduryjy enjamlar, çörek we makaron önümçiligi, miwe we gök önümler üçin guradyjy enjamlar, bag-bakça tehnologiýalary, parnik, miwe we gök önümleriniň öndürilmegi, gaýtadan işlenmegi, maldarçylyk, towuk hojalygy we ary idetmek üçin tehnologiýalar, süýt we süýt önümleri, et we balyk hojalygy, weterinarçylyk, ösümligi goraýjy himikatlar, oba hojalyk tehnlogiýalary we maşynlary ýaly bölümlerden ybarat bolan sergä türk firmalary hem gyzyklanma görkezýär.

Sergi 2-nji iýuna çenli açyk bolar.


Etiketkalar: Daşkent , sergi , Özbegistan

Degişli Habarlar