Azerbaýjan Respublikasynyň esaslandyrylmagyna 100 ýyl boldy

Azerbaýjanda 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda yglan edilen Respublikanyň 100-nji ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Azerbaýjan Respublikasynyň esaslandyrylmagyna 100 ýyl boldy

Musulman Gündogaryň ilkinji demokratik respublikasy hökmünde kabul edilen Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygy 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Mehmet Emin Resulzadeniň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Milli şurasy tarapyndan yglan edildi.

Baku şäheri ermeni we bolşewik toparlaryň gözegçiligi astynda bolanlygy sebäpli Fethali Han Hoýskiniň ýolbaşçylygynda emele getirilen Azerbaýjanyň wagtlaýyn hökümeti işlerini Genje şäherinde dowam etdirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet Osmanly türkmen döwleti boldy.

Iki ýurdyň arasynda 1918-nji ýylyň 4-nji iýunynda gazanylan ylalaşygyň çäginde barha artýan ermeni we bolşewik howpyna garşy Nuri Paşanyň ýolbaşçylygyndaky Kawkaz Yslam goşuny kömege bardy.

Kawkaz Yslam goşuny Göýçaý, Salýan, Agsu we Kürdemir diýilen ýerleri bolşewiklerden we ermenilerden saplanyndan soň, 1918-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Baku şäherini olardan arassalady.

Kawkaz Yslam goşunyndan Bakunyň azatlygy ugrundaky söweşlerinde 1130 esgeri şehit boldy.

Azerbaýjanda gysga wagtda ykdysadyýet, bilim, din we wyždan azatlygy ugrunda reformalar durmuşa geçirildi.

Azerbaýjan Musulman Gündogarda zenanlara saýlawlara gatnaşyp bilmek hukugyny beren ilkinji ýurt boldy.

Respublika öz milli pul birligini we poçta markalaryny çykardy, Döwlet bankyny we Baku döwlet uniwersitedini açdy. 

Daşary ýurt howplaryna garşy 26-njy iýunda Azerbaýjan öz goşunyny esaslandyrdy we bu goşunyň emele getirtilmeginde Osmanly döwletiniň ofiserleri uly rol oýnady.

Hökümet tarapyndan kabul edilen karar bilen 1918-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türk dili döwlet dili hökmünde yglan edildi, ozal aglabasy rus dillerinde bilim berýän mekdeplerde türk dilinde dersler berilip ugrady.

1918-nji ýylyň 7-nji dekabrynda 120 orunlyk parlament işe başlady.

Ýurtdaky ähli syýasy partiýalara we etniki toparlara wekilçilik edilen parlament iş alyp baran 17 aýynda 230 kanun taslamasyny kabul etdi.

Azerbaýjan Respublikasy 1920-nji ýylyň 28-nji aprelinde SSSR-iň goşunynyň basyp almagy bilen dargady.


Etiketkalar: ermeni , Baku , Genje , SSSR , Respublika , Azerbaýjan

Degişli Habarlar