Azerbaýjan Respublikasynyň 100 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Azerbaýjanda 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda yglan edilen Respublikanyň 100-nji ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Azerbaýjan Respublikasynyň 100 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Ýurdyň Prezidenti Ilham Aliýew paýtagt Bakuda Respublika meýdançasynda geçirilen dabara gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Milli senasynyň ýaňlanmagy bilen başlan dabarada Aliýew ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Respublika güni mynasbetli Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Ilham Aliýewe gutlag ýüzlenmesini iberdi.

Özbegistan, Italiýa, Finlýandiýa, Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Şwesiýa, Sudan, Marokko, Gresiýa, Kuba, Wengriýa, Ispaniýa, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Yrak, Hytaý, Russiýa, Rumyniýa, Gazagystan, Litwa, ABŞ, Germaniýa, Gyrgyzystan, Müsür, Tajigistan, Ukraina, Türkmenistan, Belgiýa, Hindistan, Norwegiýa, Saud Arabystany, Liwan, Eýran, Horwatiýa ýaly köp sanda ýurdyň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag ýüzlemesini iberdiler.

Musulman Gündogaryň ilkinji demokratik respublikasy hökmünde kabul edilen Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygy 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Mehmet Emin Resulzadeniň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Milli şurasy tarapyndan yglan edildi.

Baku şäheri ermeni we bolşewik toparlaryň gözegçiligi astynda bolanlygy sebäpli Fethali Han Hoýskiniň ýolbaşçylygynda emele getirilen Azerbaýjanyň wagtlaýyn hökümeti işlerini Genje şäherinde dowam etdirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet Osmanly türkmen döwleti boldy.

Iki ýurdyň arasynda 1918-nji ýylyň 4-nji iýunynda gazanylan ylalaşygyň çäginde barha artýan ermeni we bolşewik howpyna garşy Nuri Paşanyň ýolbaşçylygyndaky Kawkaz Yslam goşuny kömege bardy.

Kawkaz Yslam goşuny Göýçaý, Salýan, Agsu we Kürdemir diýilen ýerleri bolşewiklerden we ermenilerden saplanyndan soň, 1918-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Baku şäherini hem olardan arassalady.

Kawkaz Yslam goşunyndan Bakunyň azatlygy ugrundaky söweşlerinde 1130 esger şehit boldy.

Azerbaýjanda gysga wagtda ykdysadyýet, bilim, din we wyždan azatlygy ugrunda reformalar durmuşa geçirildi.

Azerbaýjan Musulman Gündogarda zenanlara saýlawlara gatnaşyp bilmek hukugyny beren ilkinji ýurt boldy.



Degişli Habarlar