Fransiýanyň Daşary işler ministri Azerbaýjanda saparda bolýar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň Le Drain we Memmedýarow umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Fransiýanyň Daşary işler ministri Azerbaýjanda saparda bolýar

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian Fransiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky energetika, transport, oba-hojalyk we daşky gurşaw ugurlaryndaky hyzmatdaşlykda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp: "Bu ugurda ýörite topar dörederis. Hyzmatdaşlygymyzy has hem özgertmek üçin gepleşiklerimizi dowam etdireris" diýdi. 

Le Drian sapar bilen baran Azerbaýjanda kärdeşi Elmar Memmedýarow bilen duşuşyk geçirdi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň Le Drain we Memmedýarow umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Memmedýarow kärdeşi bilen syýasy, ykdysady, energetika we bilim ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Elmar Memmedýarow duşuşykda Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşyklary we Daglyk Karabag meselesiniň çözgüdini hem maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Le Drian bolsa Azerbaýjan Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýyly sebäpli bütin azerbaýjanlylary gutlady. Fransiýanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri Azerbaýjanyň ýanyndadygyny aýdan Le Drian iki ýurdyň ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigine ünsleri çekdi. 

Öňümizdäki aýlarda Ilham Aliýewiň Fransiýa sapar gurajakdygyny aýdan Le Drian ýylyň ahyrynda bolsa Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Azerbaýjanda saparda boljakdygyny mälim etdi. 

 


Etiketkalar: sapar , Azerbaýjan , Fransiýa

Degişli Habarlar