Gazagystan Braziliýa uran eksport etmäge başlady

Gazagystan Hytaý, ABŞ, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Hindistan we ÝB-e agza ýurtlara uran eksport edýär

Gazagystan Braziliýa uran eksport etmäge başlady

Gazagystanyň Milli Atom guramasy (Kazatomprom) Braziliýanyň döwlet atom energetika kärhanasy Indústrias Nucleares do Brasile (INB) uran eksport etmäge başlady.

Kazatomprom tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda kärhananyň dünýä ýadro ýangyç bazarynda uran eksportyny artdyrandygy habar berildi.

Kazatompromyň Braziliýanyň kärhanasyna uran eksport etmek bilen bagly tenderi utandygyny we şol çäkde şertnamanyň baglaşylandygyny belläp: “Baglaşylan şertnamanyň çäginde ilkinji uran tapgyry gowşuryldy. Ylalaşyk ýadro energiýanyň parhatçylykly maksatlar bilen ulanylmagy taýdan Gazagystan bilen Braziliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm” diýildi.

Ýadro ýangyç öndürýän INB kärhanasynyň işleri Halkara Atom energiýasy guramasy tarapyndan gözegçilik edilýär.

Günorta Gazagystan, Kyzylorda we Akmola welaýatlaryndaky 20 uran guýusyndan her ýyl 20 müň tonnadan gowrak uran çykarýan Gazagystan bu ugurda dünýäde lideri derejesinde.

Gazagystan Hytaý, ABŞ, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Hindistan we ÝB-e agza ýurtlara uran eksport edýär.


Etiketkalar: Braziliýa , eksport , uran , Gazagystan

Degişli Habarlar