Gazagystan nebit önümçiligini artdyrýar

Gazagystanyň Energetika ministri Kanat Bozumbaýew nebit önümçiligini her ýyl artdyryp, 2025-nji ýyla çenli 104 million tonna ýetirjekdiklerini habar berdi

Gazagystan nebit önümçiligini artdyrýar

Kanat Bozumbaýew Mejlisde eden çykyşynda uly nebit taslamalarynyň gysga möhletde ýurdyň ykdysadyýetiniň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Tengiz, Karaçaganak, Kaşagan nebit we tebigy gaz taslamalarynyň saýasynda nebit pudagyndaky ösüşiň dowam etjekdigini aýdan Kanat Bozumbaýew: “2017-nji ýylda Kaşaganyň önümçilige başlamagy bilen ýurdyň nebit önümçiligi 78 million tonnadan 86,2 tonna ýokarlady. Nebit önümçiligini her ýyl artdyryp, 2025-nji ýyla çenli 104 million tonna ýetireris” diýdi.

Kanat Bozumbaýew 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 30 million tonna nebit öndürilendigini we bu mukdaryň 2017-nji ýylyň şol döwrüne garanyňda 6 göterim artandygyna ünsleri çekip: “2018-nji ýylda netit önümçiligi 87 million tonna derejesinde bolmagyna garşylýar” diýip belledi.


Etiketkalar: önümçilik , nebit , Gazagystan

Degişli Habarlar