Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Çaknyşykda azerbaýjanly 1 esger şehit ýogaldy

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde bolan çaknyşykda azerbaýjanly 1 esger ýogaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Ermenistan bilen Azerbaýjana degişli Nahçywan Awtonom Respublikasynyň serhedinde Ermenistanyň goşunynyň ylalaşygyň düzgünini bozandygy we od açylmagy netijesinde Adil Tatarow atly esgeriň ýogalandygy habar berildi. 

Şehit bolan esgeriň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirilen beýanatda hüjümiň jogapkäriniň birnäçe gün ozal sebite baryp, gözegçilik işlerini geçiren Ermenistanyň Goranmak ministri we Daşary işler ministridigi bellendi. 

Beýanatda nahçywanly esgerleriň ýogalan dostlarynyň aryny iň gysga wagtda aljakdygy habar berildi. 

 



Degişli Habarlar