Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda partlama boldy

Azerbaýjanyň paýtagty Bakunyň Benegedi diýilen ýerinde ýerleşýän kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda partlama boldy

Partlama şäheriň söwda merkezleriniň biriniň golaýynda ulaglar üçin şeý-sep satýan bazaryň ýanynda ýerleşýän kafede boldy. 

Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä partlamada 2 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. 

Ýogalan 2 adamyň kafeniň işgärleridigi habar berildi. 

Partlamanyň gaz sebäpli bolandygy çak edilýär. 

 


Etiketkalar: partlama , Baku , Azerbaýjan

Degişli Habarlar