Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyry öz işine başlady

Gepleşiklere ABŞ gatnaşmaýar

Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyry öz işine başlady

Gazagystanyň paýtagty Astana geçirilýän Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyry hemaýatkär ýurtlaryň arasyndaky iki taraply gepleşikler bilen öz işine başlady.

Gepleşiklere ABŞ gatnaşmaýar.

Gepleşiklerde çaknyşyksyz zolaklardaky soňky ýagdaý, BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky konstitutsiýa komitetiniň işleri we zamun alynanlaryň boşadylmagy meselesi seljerilýär.

Gepleşikleriň 9-njy tapgyrynyň çäginde ilki Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetleri iki taraply gepleşik geçirdi.

Rus wekiliýetine Prezident Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentiýew, Eýranyň resmi wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Jabiri Ensari ýolbaşçylyk edýär.

Türk resmi wekiliýetine hem Daşary işler ministriniň kömekçisi Sedat Önal ýolbaşçylyk edýär.

Gepleşiklere BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Misturanyň we İýordanioanyň synçy hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar.

Siriýanyň hökümetiniň we oppozisionerleriň wekilleri bolsa ertir geçiriljek gepleşiklere gataşar.



Degişli Habarlar