Özbegistanyň Prezidenti Ak Tamda Donald Tramp bilen duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen 16-njy maýda Ak Tamda duşuşar

Özbegistanyň Prezidenti Ak Tamda Donald Tramp bilen duşuşar

Ak Tam tarapyndan Mirziýoýewiň sapary barada ýazmaça beýanat berildi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Sanders “Prezident Tramp 16-njy maýda Ak Tamda Özbegistanyň Prezidenti Şawkar Mirziýoýewi kabul eder. Mirziýoýewiň ilkinji taryhy saparynyň çäginde ABŞ bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik gatnaşyklar seljerler” diýdi.

Beýanatda iki lideriň Özbegistandaky reforma etaby, özara söwda gatnaşyklary, maýa goýum mümkinçilikleri we Owganystan bilen birlikde sebitara howpsyzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýandygy ýatladyldy.

2016-njy ýyldan bäri Özbegistanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Mirziýoýew Ak Tamda ilkinji gezek kabul ediler.

 



Degişli Habarlar