Aliýew: “Ýurduň territorial bitewiligi üçin Daglyk Garabag çözgüt stolunda bolmaz”

Aliýew Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň hiç haçan gepleşiklere tema bolmandygyny we bolmajakdygyny nygtady

Aliýew: “Ýurduň territorial bitewiligi üçin Daglyk Garabag çözgüt stolunda bolmaz”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurdunyň territorial bitewiliginiň Daglyk Garabagda çözgüt gepleşikleriniň temasyna öwrülmejekdigini aýtdy

2003-nji ýylda aradan çykan kakasy we Azerbaýjanyň Prezidenti Haýdar Aliýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş eden İlham Aliýew Ermenistanyň täze Premýer ministri Nikol Paşinýanyň sebitde çözgüt üçin haýsydyr bir ýurt tarapyndan ykrar edilmeýän Daglyk Garabagyň ara alynyp maslahatlaşylmagyny teklip etmegi barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Aliýew; “Daglyk Garabag meselesi boýunça üýtgewsiz pozisiýamyz belli. Azerbaýjanyň territorial bitewiligi dolulygyna we şertsiz üpjün edilmeli. Adalat we halkara hukugy şony talap edýär. Daglyk Garabag Azerbaýjanyň aýrylmasyz bölegidir” diýdi.

Aliýew Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň hiç haçan gepleşiklere tema bolmandygyny we bolmajakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar