ÝUNESKO-da ilkinji gezek türkçe maslahat geçirildi
BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-da ilkinji gezek türkçe maslahat geçirildi
Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyrali Fransiýanyň paýtagty Parižde duşenbe güni “ Ruhybelentlik we medeni miras; Geçmişden geljege türk dili” temaly maslahatyň geçirlendigini nygtady.
Maslahata 16 ýurtdan alymlaryň gatnaşandygyny aýdan Kydyrali “ÝUNESKO-da ilkinji gezek türk dilinde maslahat geçirildi. Doklatçylaryň esasy bölegi türk dilinde çykyş etdi, şeýle maslahatlaryň geçirilmegi bilen türk diliniň ÝUNESKO-da ýygy-ýygyndan ulanylýan dillerden birine öwrüljekdigine ynanýarys” diýdi.
Kydyrali türk diliniň Altaýlardan Ortaýer deňzine, Baýkaldan Balkanlara çenli giň geografiýada ulanylan gadymy dillerden biridigine ünsi çekdi.
Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyrali türk diliniň Çingiz Aýtmatow ýaly dünýä edebiýatyna uly goşant goşýan ýazyjylar ýetişdiren baý dillerden biridigini ýatlatdy.