Russiýa Özbegistanda jemi 8,5 milliard dollarlyk maýa goýdy

Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 50,2 göterim ýokarlady

959164
Russiýa Özbegistanda jemi 8,5 milliard dollarlyk maýa goýdy

Bu barada Russiýanyň Özbegistandaky Söwda wekiliniň orunbasary Leonid Pokrowski habar berdi

Russiýanyň Özbegistandaky Söwda wekiliniň orunbasary Leonid Pokrowski Daşkentde geçirilen “Expo-Russiýa Uzbekistan 2018” sergisinde beren beýannamasynda ýurdunyň şu günki güne çenli Özbegistanda jemi 8,5 milliard dollardan gowrak maýa goýandygyny aýtdy.

Pokrowski Özbegistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň arasynda Russiýanyň söwda taýdan hyzmatdaşlykda 4-nji orny eýeleýändigini we soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň uly mukdarda artandygyny beýan etdi.

Ýanwar-fewral aýlarynyň aralygynda Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 50,2 göterim ýokarlap, 600 million dollara ýetendigini, degişli döwürde Russiýanyň Özbegistana edýän eksportynyň 59,7 göterim ýokarlandygyny nygtan Pokrowski ýurtdaky walýuta, salgyt we gümrük ulgamyndaky liberallaşma bilen iş şertleriniň gowulanmagynyň 2 ýurduň arasyndaky daşary söwda mukdarynyň artmagyna goşant goşandygyny aýtdy.

Russiýanyň Söwda birleşmesiniň görkezijilerine görä 2 ýurduň arasyndaky daşary söwda mukdary geçen ýyl 33,9 göterim ýokarlap, 3,6 milliard dollara barabar boldy.

Russiýa Özbegistanyň söwda we maýa goýum hyzmatdaşlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Gazpromyň we Lukoiliň Özbegistanda ägirt uly maýa goýumlary bar.



Degişli Habarlar