Ilham Aliýew sesleriň 86.09 göterimini alyp ýaňadandan prezidentlige saýlandy

“Azerbaýjanyň halky bu saýlawda durnuklylyk, howpsyzlyk we galkynyş üçin ses berdi”

Ilham Aliýew sesleriň 86.09 göterimini alyp ýaňadandan prezidentlige saýlandy

Azerbaýjanda geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, häzirki prezident Ilham Aliýew sesleriň 86.09 göterimini alyp ýaňadandan prezidentlige saýlandy.

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mezahir Penahow metbugata beren beýanatynda saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Aliýewiň sesleriň 86.09 göterimini alyp ýaňadandan prezidentlige saýlanandygyny habar berdi.

Penahow Birleşen Azerbaýjan halk frondy partiýasynyň dalaşgäri Kudret Hasanguliýewiň sesleriň 3,4 göterimini, garaşsyz dalaşgär Zahid Oruçuň bolsa sesleriň 3,07 göterimini alandygyny aýtdy.

Saýlawa bolan gatnaşygyň bolsa 74,51 göterimdigi nygtaldy.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijeleriniň beýan edilmeginden soň Aliýew halka ýüzlenip eden çykyşynda halkyna sag bolsun aýtdy.

Ilham Aliýew “Azerbaýjanyň halky bu saýlawda durnuklylyk, howpsyzlyk we galkynyş üçin ses berdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar