Özbek we gyrgyz premýer ministrleri serhetýakasynda başdan geçirlen wakalar barada pikir alyşdy

Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

947218
Özbek we gyrgyz premýer ministrleri serhetýakasynda başdan geçirlen wakalar barada pikir alyşdy

Mesele hakynda Özbegistan tarapyndan berlen beýanata görä, Premýer ministr Abdulla Aripow gyrgyz kärdeşi Sapar Isakow bilen 7-nji aprelde özbek-gyrgyz serhedinde gyrgyz raýatynyň serhetýakasynda özbek howpsyzlyk gullukçysy tarapyndan atylyp öldürilmegi barada pikir alyşdy.

Aripow bilen Isakow telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň serhetýakasyndaky howpsyzlyk güýçleriniň we degişli guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň  bir ýere jemlenşip ady agzalýan wakanyň giňişleýin seljerilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

Bilelikdäki iş topary ady agzalýan wakanyň barlanmagyndan soň gysga wagtda ýörite habarnama taýarlar.



Degişli Habarlar