Türkiýäniň Premýer ministri Azerbaýjanda saparda bolar

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Nizami Genjewi halkara merkezi tarapyndan guraljak VI Global Baku forumyna gatnaşmak üçin ertir Azerbaýjana gider

Türkiýäniň Premýer ministri Azerbaýjanda saparda bolar

Premýer ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä Binali Ýyldyrym Nizami Genjewi halkara merkezi tarapyndan guraljak VI Global Baku forumyna gatnaşmak üçin 14-15-nji mart aralygynda Bakuda saparda bolar.

Saparyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirjek Ýyldyrym Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Oktaý Asadow tarapyndan kabul ediler, soň bolsa Azerbaýjanyň Premýer ministri Artur Rasizade bilen duşuşyk geçirer.

Binali Ýyldyrym şu ýyl “Gatnaşýan jemgyýetleri emele getirmek üçin tapawutlary azaltmak” temasy bilen geçiriljek VI Global Baku forumynyň açylyşynda we “Güýç: Beýik güýçler we beýlekiler” temaly bölümde çykyş eder.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym foruma gatnaşjak beýleki ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer, metbugat we işewür dünýäsiniň wekilleri bilen pikir alyşar.



Degişli Habarlar