Gazagystan Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi baradaky şertnamany tassyklady

Şertnama häzire çenli Gazagystan bilen birlikde 57 ýurt tarapyndan tassyklandy

Gazagystan Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi baradaky şertnamany tassyklady

Gazagystan BMG tarapyndan 2017-nji ýylyň iýun aýynda kabul edilen Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi baradaky şertnamany tassyklady.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Gazagystanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Kaýrat Omarowyň Nýu Ýorkda geçirlen dabarada şertnama gol goýandygy nygtaldy.

Beýanatda Gazagystanyň şertnamanyň taýarlanmagynda we kabul edilmeginde uly rol oýnandygyna üns çekildi.

Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi şertnamasy 2017-nji ýylyň iýul aýynda BMG-da ýadro ýaragyna eýe bolan ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Hytaýyň garşy ses berendigine garamazdan 122 ýurduň goldaw bermeginde kabul edilipdi

Şertnama ýadro ýaraglarynyň dolulygyna ortadan aýrylmagyny maksat edinýär.

Şertnama häzire çenli Gazagystan bilen birlikde 57 ýurt tarapyndan tassyklandy.



Degişli Habarlar