Gazagystan Hytaýa nota berdi...

Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow Hytaýdaky etniki gazaklara basyş edilýändigi baradaky şikaýatlaryň tassyklanmagyndan soň Hytaýa diplomatik nota berendiklerini mälim etdi

Gazagystan Hytaýa nota berdi...

Kaýrat Abdrahmanow metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Göz tussaglygyna alynan adamlaryň ýakyn hossarlary bize gerek bolan maglumaty berdi. Bu maglumatlar tassyklananyndan soň diplomatik ýollar bilen Hytaýa nota berdik” diýdi.

Kaýrat Abdrahmanow Hytaýdan geljek anyk maglumatlary talap bildiren Gazagystanyň raýatlaryna we basyş astynda bolan etniki gazaklaryň ýakyn hossarlaryna ýetirjekdiklerini habar berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Akylbek Kamaldinow noýabr aýynda Hytaýda ýaşaýan gazaklaryň şikaýatyna laýyklykda Hytaýyň Astanadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Žang Hanhueý bilen duşuşyk geçiripdi, emma duşuşygyň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmändi.

Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtonomiýasyndaky Çinhaý we Hans şäherlerinde ýaşaýan 1,5 milliondan gowrak gazak ýerli hökümediň pasport we beýleki resminamalary bermeýändigi sebäpli daşary ýurtlara çykyp bilenok.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtonomiýasynda oktýabr aýynda 10 gazak raýat, syýasy bahanalar sebäpli göz tussaglygyna alynypdy, göz tussaglygyna alynan gazaklara basyş edilendigi öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar