Latyn elipbiýindäki gazak pasportlar 2021-nji ýylda berilmäge başlanar

Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň orunbasary Ýerlan Kojagapanow pasportlaryň we şahsyýetnamalaryň 2021-nji ýyldan başlap latyn elipbiýinde berilmäge başlanjakdygyny habar berdi

Latyn elipbiýindäki gazak pasportlar 2021-nji ýylda berilmäge başlanar

Kojagapanow Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda eden çykyşynda taýarlanan Latyn elipbiýine geçiş meýilnamasynyň ilkinji etabynyň 2018-2021-nji ýyllary öz içine aljakdygyny we bu etapda normatiw-hukuk bazalarynyň täzelenmegi bilen baglanşykly işleriň geçiriljekdigini mälim etdi.

Kojagapanow latyn elipbiýine geçişiň 2-nji etabynyň 2021-2023-nji ýyllary öz içine aljakdygyny belläp: “Bu etapda pasportlaryň, şahsyýetnamalaryň we beýleki resminamalaryň latyn elipbiýinde berilmegi meýilleşdirilýär. Latyn elipbiýine geçiş üçin pelsepe hünärmenleriniň gatnaşmagynda kurslar we seminarlar geçiriler” diýdi.

Latyn elipbiýine geçişiň 3-nji etabynyň bolsa 2024-2025-nji ýyllary öz içine aljakdygyny aýdan Kojagapanow bu etapda döwlet guramalaryň, bilim ojaklarynyň we döwlet metbugat we ýaýlym organlarynyň latyn elipbiýine geçjekdigini habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew geçen ýylyň oktýabr aýynda kril elipbiýinden latyn elipbiýine geçmek bilen bagly kararnama gol çekipdi.



Degişli Habarlar