Fewralda türkmenistanlylar Karawajonyň we eýran medeniýetiniň eserleri bilen tanşar

Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreler

902748
Fewralda türkmenistanlylar Karawajonyň we eýran medeniýetiniň eserleri bilen tanşar

Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynda meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň saýlanan eserleriniň sergisi bar. Bu sergi 5-25 –nji fewral aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.

7-9-njy fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçiriler. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Aşgabatda amaly-haşam sungatynyň sergisi, eýran kinofilmleriniň görkezilişi, Eýranyň folklor we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary görkeziler, şeýle hem döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşyklary hem-de çagalaryň bilelikdäki konserti guralar. Myhmanlar muzeýlere, taryhy ýerlere we paýtagtymyzyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.



Degişli Habarlar