Azerbaýjanda 20-njy ýanwar gyrgynçylygynda ýogalanlar hatyralandy

Azerbaýjanlylar 28 ýyldan bäri her ýylyň 20-njy ýanwarynda şehitlerini hatyralaýar

Azerbaýjanda 20-njy ýanwar gyrgynçylygynda ýogalanlar hatyralandy

Azerbaýjanda garaşsyzlygyň simwolyna öwrülen we taryha “Ganly ýanwar” hökmünde geçen 20-njy ýanwar gyrgynçylygynda ýogalanlar hatyralandy.

Azerbaýjanlylar 1990-njy ýylda başdan geçirlen gyrgynçylykda ýogalanlary hatyralamak üçin Bakudaky Şehitler ýadigärliginde bir ýere jemlenişdi.

Şehitler ýadigärligine ilki Prezident İlham Aliýew bilen beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar gül desselerini goýdy.

Resmi çäreden soň Azerbaýjanly müňlerçe adam şehitlige gelip şehitleriň gubyryna gül desselerini goýdy.

Sagat 12.00-da şehitler üçin br minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

Hatyralama çäresine Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral we ilçihananyň işgärleri bilen birlikde Azerbaýjanda iş alyp barýan türk guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Ermenileriň ýer talabyna we sowet hökümetine garşylyk görkezmek islän Azerbaýjanly müňlerçe adam 1990-njy ýyllaryň başynda paýtagt Bakudaky Azatlyk meýdanynda protest ýörişini geçirmäge başlaýar.

Porotest ýörişlerini basyp ýatyrmak maksady bilen 20-njy ýanwarda Bakuwa giden sowet goşuny zenanlar we çagalar bilen birlikde 150-ä golaý adamy gyrgyna berdi, ýüzlerçe adamy bolsa ýaralady.

Şehitler ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda göz ýaşlary we gyzyl güller bilen häzirki ady bilen Şehitler ýadigärligine jaýlandy.

Azerbaýjanlylar 28 ýyldan bäri her ýylyň 20-njy ýanwarynda şehitlerini hatyralaýar.

 



Degişli Habarlar