Gazak lider Donald Tramp bilen duşuşdy

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew ABŞ-da saparda bolýar

890235
Gazak lider Donald Tramp bilen duşuşdy

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragy bilen bagly etapda ABŞ ýaly Hytaýyň we Russiýanyň hem möhüm aktýorlardygyny belledi.

Nazarbaýew ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Ak Tamda duşuşyk geçireninden soň metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Gazagystanyň ABŞ-niň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň we ykdysady partnýorlarynyň biridigini aýdan Tramp Günorta-gündogar Aziýa setrategiýalarynda Gazagystanyň rolunyň uludygyny belledi.

ABŞ-niň Owganystanda terror guramalaryna garşy alyp barýan operasiýalaryň çäginde Gazagystanyň berýän goldawynyň tankydydygyny aýdan Tramp bu goldawyň dowamynyň boljakdygyny umyt edýändiklerini habar berdi.

Donald Tramp: “Terror guramalary DAIŞ-e we Talibana garşy harby toparlarymyzyň geçirýän operasiýalaryna tankydy logistik goldaw berýän Gazagystanyň bu goldawyny dowam etdirmeginde Prezident Nazarbaýewiň şahsy kepilligini takdyr edýärin” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy etaby bilen baglanşykly diplomatiki ädimlerde Gazagystanyň goldawyna ähmiýet berýändiklerini aýdan Tramp ABŞ bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hem barha özgerýändigini beýan etdi.

Prezident Nazarbaýew hem Owganystanyň durnuklylygynyň sebitiň durnuklylygy üçin örän wajypdygyny, bu ýurdyň terrorçylardan saplanmagynda resmi Waşington bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini we häzirki wagta çeni Owganystany 75 million dollarlyk ynsanperwer we tehniki goldaw bilen üpjün edendiklerini belledi.

Nazarbaýew bir wagtlar özleriniň hem ýadro ýaraga eýe bolandyklaryny, emma ondan meýletin ýagdaýda ýüz öwürendiklerini ýatladyp: “Gazagystan ýadro ýaraga eýe bolmak isleýän beýleki ýurtlara bu babatda söz aýtmak hukugyna eýe diýsek ýalňyş bolmaz. Eýrana şolar ýaly aýdýarys, Demirgazyk Koreýa hem şolar ýaly aýdarys. Demirgazyk Koreýa krizisi ABŞ, Hytaý we Russiýanyň umumy tagallasy bilen çözülip biliner” diýdi.



Degişli Habarlar