Gazagystan Hytaýa edýän tebigy gaz eksportyny artdyrar

Gazak tebigy gazy geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaýa eksport edilmäge başlanypdy

888836
Gazagystan Hytaýa edýän tebigy gaz eksportyny artdyrar

 

Gazagystan Hytaýa edýän tebigy gaz eksportyny ýylda 10 milliard metr kuba çykarar.

Gazagystanyň dövlet eýeçiligindäki nebit firmasy KazMunaýGazdan berlen ýazmaça beýanatda, KazMunaýGaz bilen Hytaýyň Milli nebit firmasynyň arasynda gepleşigiň geçirlendigi nygtaldy ve gepleşikleriň netijesinde Hytaýa edilýän tebigy gaz eksportynyň ýylda 10 milliard metr kuba çenli artdyrylmagy hakynda ylalaşyk gazanyldy” diýildi.

Beýanatda gazak tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky şertnamalaryň ve “Nurly ýol” ve “Bir nesil bir ýol” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi taýdan möhümdigi ýatladyldy.

Beýanatda Gazak tebigy gazynyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaýa eksport edilmäge başlanandygyna üns çekildi.

 

 

 



Degişli Habarlar