Gazagystanda geçen ýyl 86,2 million tonna nebit öndürildi

Gazagystanyň Ykdysadyýet ministri Timur Suleýmenow mesele bilen bagly beýanat berdi

Gazagystanda geçen ýyl 86,2 million tonna nebit öndürildi

Gazagystanyň Ykdysadyýet ministri Timur Suleýmenow geçen ýyl ýurtda 86,2 million tonna nebit öndürlendigini aýtdy.

Suleýmenow Premýer ministrlikde beren beýanatda geçen ýyl nebit önümçiliginiň 86,2 million tonna çenli baryp ýetendigini ýatlatdy.

Suleýmenow “Geçen ýyl nebit önümçiliginde taryhy rekord goýuldy. Nebit önümçiligi adam başyna düşýän milli girdejiniň 4 göterim artmagyna sebäp boldy. Nebit önümçiliginiň 2018-nji ýylda hem edil şol ösüş depgini gorap saklamagyna garaşýarys” diýdi



Degişli Habarlar