"Terrorçylaryň ýurtlaryna dolanyş etaby sebitde radikallaşma howpyny artdyrar"

KASMO Ýakyn Gündogarky asly Orta Aziýadan bolan terrorçylaryň ýurtlaryna dolanyş etabynyň sebitde radikallaşma howpyny artdyrjakdygyny aýtdy

"Terrorçylaryň ýurtlaryna dolanyş etaby sebitde radikallaşma howpyny artdyrar"

Gazagystanyň Halkara gatnaşyklar geňeşi KASMO Ýakyn Gündogarky asly Orta Aziýadan bolan terrorçylaryň ýurtlaryna dolanyş etabynyň sebitde radikallaşma howpyny artdyrjakdygyny nygtady

Geňeşiň başlygy we Gazagystanyň Radio-telewideniýe guramasynyň Baş müdüri Erlan Karin paýtagty Astanada ýerleşýän Kazmedianyň merkezi jaýynda 2018-nji ýylda Ortada Aziýada başdan geçiriljek syýasy we ykdysady özgerlişikler barada beýanat berdi.

2018-nji ýylda Orta Aziýa ýurtlarynda ykdysady ösüşiň dowam etjekdigine ünsi çeken Karin “ Ortaça ösüş depgini Gazagystanda 2-3, Gyrgyzystanda 3-3,5, Täjigistanda 5-6, Özbegistanda we Türkmenistanda hem 5 göterime barabar bolar” diýdi.

Karin 2018-nji ýylda oba hojalyk önümleri bilen birlikde nebitiň bahasynyň artmagynyň ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirjekdigine ünsi çekdi.

2018-nji ýylda Orta Aziýa ýurtlarynyň täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini artdyrmaklaryna garaşýandyklaryny aýdan Karin, Gazagystan-Özbegistan, Gyrgyzystan-Özbegistan, Gazagystan-Gyrgyzystan, Gazagystan-Özbegistan we Türkmenistanyň arasynda iki taraply we üç taraply hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň depgininiň güýçlenjekdigini ýatlatdy.

Ýakyn Gündogardaky haosyň we Owganystandaky durnuksyzlygyň Orta Aziýa ýurtlaryna wehim salmaga dowam etjekdigine ünsi çeken Karin Ýakyn Gündogardaky asly Orta Aziýadan bolan terrorçylaryň ýurtlaryna dolanyş etabynyň sebitde radikallaşma howpyny artdyrjakdygyny aýtdy.

Karin ylmy barlag guramalarynyň görkezijilerine görä, Siriýadaky we Yrakdaky asly Orta Aziýaly bolan terrorçylaryň sanynyň 5 müňe ýetýändigini we şol terrorçylardan 500-niň sebite yzyna dolanyp gelendigini ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar