Kahraman: “Türki dilli halklaryň arasyndaky dostlugyň ähmiýeti üýtgewsiz bolmaly”

Türkiýäniň Meclisiniň Başlygy İsmail Kahraman türki dilli doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň ähmiýetiniň üýtgewsiz bolmalydygyny beýan etdi

864182
Kahraman: “Türki dilli halklaryň arasyndaky dostlugyň ähmiýeti üýtgewsiz bolmaly”

Gyrgyz Respublikasynda Türki dilli döwletleriň Parlamentariler Assambelaýasynyň (TÜRKPA) 7-nci sessiýasy geçirildi.

Meçisiň Başlygy Kahraman sessiýada sözlän sözünde TÜRKPA-nyň döwletara gatnaşyklary ösdürýän möhüm hyzmatdaşlyk platformasydygyny aýtdy.

Meclislerin arasyndaky köp taraply hyzmatdaşlygyň diňe bir agza ýurtlara däl, eýsem sebitiň abadançylygynyň ösdürilmegine, durnuklylygyň üpcün edilmegine hem goşant goşýandygyna ünsi çeken Kahraman, häzirli döwürde döwletara gatnaşyklaryň eriş-argaç bolandygyny nygtady.

Umumy taryh, dil we medeni gymmatlyklara eý ebolan doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetiniň üýtgewsiz bolmalydygyna ünsi çeken İsmil Kahraman: “Taryhda şol bir sebitde ýerleşen ýurtlar hökmünde bize düşýän cogapkärçilik mizemez hyzmatdaşlygymyzy hasam ösdürmek we sebitimizdäki synaglary pursada öwürmek bolmaly” diýdi.

TÜRKPA-nyň Başlygy Gazagystanyň Meclisiniň başlygynyň orunbasary Gülmira İsimbaýewa hem ýurdunyň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

TÜRKPA-nyň agza ýurtlaryň meclislerinin arasynda hyzmatdaşlygy ösdürendigini nygtan İsimbaýewa; “Gazagystan işleri utgaşdyrmaga aýratyn uly ähmiýet berdi. Assambleýa aç-açan, güýçli gurama öwüldi” diýdi.

İsimbaýewa TÜRKPA-nyň başlyklygyny Gyrgyz Respublikasyna gowşurandyklaryny aýtdy.

TÜRKPA-nyň Başlygy hökmünde çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň Meclisiniň Başlygy Dastanbek Cumabekow TÜRKPA-nyň gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşandygyny beýan edip, meclisara hyzmatdaşlygy hasam güýçlendirmek üçin işlecekdiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar