Aşgabatda “Türk Medeniýetiniň Günleri” Dowam Edýär…

Türk medeniýetiniň günleriniň çäginde guralan Gala konsertinde Stambul Taryhy Türk Halk Saz Toparynyň Mehteran Bölümi zaly dolduran türk we türkmen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy

Aşgabatda “Türk Medeniýetiniň Günleri” Dowam Edýär…

Aşgabatdaky Türk medeniýetiniň günleri açylan “Milli türk el hünärleri”, Türkiýäniň medeniýetini we gözelliklerini beýan edýän “Türkiýe fotosuratlary” we “İmperiýadan Respublika Çüýşe Negatiwlerde Stambulyň Beýany” atly sergiden soň Gala konserti bilen dowam etdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Ömer Arysoý we Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myratalyýewyň çykyşlary bilen başlan konsertiň tomaşaçylarynyň hatarynda Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatlary hem bardy.

Magtymguly adyndaky Drama teatrynda berilen konsertde Ankara Türk Dünýäsi tans we aýdym-saz topary, Stambul şäheriniň Taryhy türk aýdym-sazlarynyň topary bilen Ankara döwlet operasynyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary zaly dolduran türkmen we türk tomaşaçylarynyň şowhunly el çarpyşmalaryna sebäp boldy.

Mehteran (Taryhy harby orkestr) toparynyň repertuaryndaky klassiki aýdymlardan “Jeddin Deden”, “Genç Osman”, “Türk Marşy” we “Hüjüm Marşy” bilen “Kiziroglu” halk aýdymy ýerine ýetirildi.

Abdullah Gurbaniniň ýolbaşçylygyndaky Türk Dünýäsi Tans we Aýdym-saz topary hem hor hem-de solistler Çigdem Gürdal bilen Seher Çagataýyň ýerine ýetirmeginde türk halk aýdymlaryndan nusgalar görkezildi.

Toparyň tomaşaçylara garaşylmadyk sowgady hem boldy. Solist Alper Kyraç orkestriň sazandalyk etmeginde sozi we sazy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Tomaşaçylara paýlanan konsertiň meýilnamasynda bolmadyk bu sowgat, zalda şowhunly el çarpyşmalara sebäp boldy.

Aşgabatda dowam edýän Türk memedeniýetiniň günleri Türkiýeden gelen sungat ussatlarynyň türkmen sungat ussatlary bilen bilelikde berjek “Türkmen-Türk Dostluk Konserti” bilen tamamlanar.



Degişli Habarlar