Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Jeenbekow ilkinji saparyny Russiýa gurar

Rus tarapynyň çakylygyna laýyklykda ilkinji daşary ýurt saparyny Rusiýa guraýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, özara gatnaşyklary hasam ösdürmegi nazarda tutýar

857326
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Jeenbekow ilkinji saparyny Russiýa gurar

Jeenbekow Moskwa saparynyň çäginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.

Duşuşykda hyzmatdaşlyk ugurlarynyň seljerilmegine aktual meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Sooronbek Jeenbekow Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedew bilen hem duşuşyp, taraplaryň söwda we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy barada pikir alyşar.

15-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Soorbaý Jeenbekow 24-nji noýabrda kasam edip, wezipesine resmi taýdan başlapdy.



Degişli Habarlar