Putin Nazarbaýewe sag bolsun aýtdy

Putin Russiýanyň Çelýabinsk şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy

Putin Nazarbaýewe sag bolsun aýtdy

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Astana gepleşikleriniň netijesinde Siriýa meselesiniň çözülip bilinjekdigini nygtady we “Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe Astana gepleşiklerine goşan goşandygy sebäpli sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Putin Russiýanyň Çelýabinsk şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Gazak lideri bilen bolan duşuşygynyň netijeli geçendigini aýdan Putin, “Russiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Gazagystan bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşdygyny nygtan Putin “Iki taraply bähbide esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyz gün saýyn ösýär. Astana gepleşikleriniň netijesinde Siriýa meselesi göz öňünde tutulşyndan has ir çözülip bilner. Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe Astana gepleşiklerine goşan goşandygy sebäpli sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Gazak lideri Nazarbaýew hem ýaşlyk ýyllarynda Çelýabinsk şäherine ýygy-ýygydan gelendigini şäheriň diňe ozalky Sowet Soýuzynyň däl eýsem tutuş dünýäniň metalurgiýa merkezlerinden biridigini belledi.

 



Degişli Habarlar