Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Alimow Özbegistanda saparda bolýar

Raşid Alimow Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Alimow Özbegistanda saparda bolýar

 

Iş sapar bilen Özbegistana baran Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Raşid Alimow Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

Mesele hakynda Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, Kamilow 10-njy nobaýrda Samarkant şäherinde BMG-nyň goldaw bermeginde geçiriljek “Orta Aziýada umymy taryh we gelejek, durnukly hyzmatdaşlyk” temaly halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Özbegistana gelen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Raşid Alimow bilen duşuşdy.

Alimow bilen Kamilowyň konferensiýanyň gün tertibi we guramaçylyk bilen birlikde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Orta Aziýanyň howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmeginde oýnaýan roly hakynda pikir alyşandygy nygtaldy

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Raşid Alimow maslahata gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Gyrgyz respublikasynyň Daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew bilen hem özara duşuşyk geçirdi.

Alimow bilen Abdyldaýew Şahnaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen Gyrgyzystanyn arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

 

 



Degişli Habarlar