Ilçi Amanliýew Karabük uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

“Biz Karabük uniwesiteti bilen tanyşmak, türkmen talyplarynyň hal-ýagdaýyny soramak we Döwlet baştutanlarynyň alyp barýan döwlet syýasatlaryny gürrüň bermek üçin bu ýere geldik”

Ilçi Amanliýew Karabük uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

 

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanliýew Karabük uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Ilçi Amanliýew Ylahiýet fakultetiniň konferensiýada zalynda eden çykyşynda türkmen talyplary bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýtdy.

Karabük uniwersitetiniň iň gowy uniwersitetlerden biridigini aýdan ilçi Amanliýew “Biz Karabük uniwesiteti bilen tanyşmak, türkmen talyplarynyň hal-ýagdaýyny soramak we Döwlet baştutanlarynyň alyp barýan döwlet syýasatlaryny gürrüň bermek üçin bu ýere geldik” diýdi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanliýew talyplary Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen mähirli gutlady.

Karabük uniwersitetiniň rektorynyň orunbasary Prof. Dr. Ali Güneş hem Karabük uniwersitetinde Türkmenistanly 358 talybyň bilim alýandygyny nygtap, “Türkmenistanly talyplaryň bu ýerde ýokary bilim alýandyklary üçin biz özümizi bagtly hasap edýäris. İki ýurduň arasyndaky jebisligiň, bitewiligiň we doganlygyň diňe bilim bilen çäkli bolman uly hyzmatdaşlyklara we dostlukly gatnaşyklara itergi bermegini umyt edýärin. Uniwesitetimizde jemi 3600-a golaý talyp bilim alýar. Şolardan 350-ä golaýy Türkmenistanly. Biz Türkmenistanly talyplarymyz bilen birlikde beýleki talyplarymyza ýokary bilim almaklary üçin goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar