Türkmenistanda Ýaşulylar maslahaty geçirildi

Türkmenistanda Ýaşulylar maslahatynyň nobatdakysy öz işine başlady

Türkmenistanda Ýaşulylar maslahaty geçirildi

2008-nji ýyldan bäri dowamly ýagdaýda geçirilýän maslahatda ýurdyň içerki meseleleri barada pikir alyşyldy.

Türkmen taryhynyň möhüm döwlet däpleriniň biri bolan Aksakgallar mejlisiniň dowam ýagdaýynda bolan Ýaşulylar maslahaty şu Ahal welaýatynda geçirildi.

Maslahat türkmen senasynyň we ýurdyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bilen başlady.

Türkmen lider çykyşynda Türkmenistanyň daşarky syýasaty, ykdysadyýeti, bilim-medeniýet we sosial syýasatlar babatynda möhüm maglumatlar berdi.

Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilýän halkara transport we energetika taslamalarynyň doganlyk gatnaşyklaryny has hem berkidýändigini aýdan Gurbanuly Berdimuhamedow 2018-2024-nji ýylla aralygyny öz içine alýan döwlet maksatnamasy bilen tehnologiýa, saglygy goraýyş we bilim ýaly ugurlardaky maýalaryň dowam etjekdigini habar berdi.

2018-2024-nji ýylla aralygyny öz içine alýan döwlet maksatnamasynda döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagynyň dowam etdiriljekdigini aýdan türkmen lider 2018-nji ýylyň büjetiniň gowy edip taýarlanylmalydygyny we ýylyň ahyryna çenli ýetişdirilmeldigini belledi.

Türkmen lider mundan başgada Ýaşulylar maslahaty babatynda täze bir düzgünnamalaryň girizilmeldigini belledi we maslahatyň statusynyň kanun bilen has hem güýçlendirilmelidigini nygtady.

Ýaşulylar başda bolmak bilen maslahatda çykyş eden adamlar Gurbanguly Berdimuhamedowa tekliplerini hödürländiklerini bellediler. 

Maslahata ýaşulylar bilen birlikde, Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt wekilhanalaryň resmileri, daşary ýurt mettbugatynyň wekilleri we işewür adamlar gatnaşdylar. 

 



Degişli Habarlar