Türkmen lider 2018–2024-nji ýyllary öz içine alýan döwlet maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady

Türkmen lider 2018–2024-nji ýyllary öz içine alýan döwlet maksatnamasyny tassyklady

9-10-njy oktýabr aralygynda geçirilen Ýaşulylar maslahatynyň netijesinde möhüm kararlara gol çekildi.

Maslahatyň ilkinji gününde Ýaşulylar maslahaty babatynda täze bir düzgünnamalaryň girizilmegi we maslahatyň statusynyň kanun bilen has hem güýçlendirilmegi meselesi Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gün tertibe getirilipdi.

Ýaşulylar tarapyndan hem makullanan bu teklip Türkmenistanyň Milli mejlisinde ara alynyp maslahatlaşyldy we konstitutsiýada girizilen bu täze düzgünnama deputatlaryň bir agyzdan makullamagy bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Milli mejlisiniň kabul eden Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi we onuň ygtyýarynyň kesgitlenmegi bilen bagly kanun türkmen lideri tarapyndna Ýaşulylar maslahatynda tassyklandy we güýje girdi. 

Täze düzgünnamanyň esasynda maslahat Türkmenistanyň Halk maslahaty adyna eýe boldy, wezipesi we ygtyýary giňeldildi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ilkinjisi öňümizdäki ýyl paýtagt Aşgabatda geçiriler. 

Ýaşulylar maslahatynda ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklandy. 

Türkmenistany 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda döwlete degişli kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy we ykdysadyýetde hususy pudagyň paýynyň artdyrylmagy, daşary ýurt maýalaryň çekilmegi, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi ýaly maksatlar bar.  



Degişli Habarlar