“Latyn elipbiýine geçmek rusça gepleşýänlere, rus diline we beýleki dillere ýaramaz täsir ýetirmez”

Nazarbaýew taslama taýarlanýarka dünýä tejribesinden peýdalanandyklaryny nygtady

“Latyn elipbiýine geçmek rusça gepleşýänlere, rus diline we beýleki dillere ýaramaz täsir ýetirmez”

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurdunyň latyn elipbiýine geçmegi boýunça geçiren maslahatynda sözlän sözünde latyn elipbiýine geçmegiň taryhy ähmiýete eýedigini nygtap: “Dünýäde haýsydyr bir ýurt täze elipbiýini biziň ýaly ara alyp maslahatlaşmady. Her bir raýatyň pikirini bilmek biziň üçin möhüm” diýdi.

Prezident Nazarbaýew latyn elipbiýine geçmek boýunça 300-den gowrak teklibiň gelip gowuşandygyny nygtap: “Ýaşlaryň goldaw bermegi güýjümize güýç goşýar” diýdi.

Latyn grafikasyna esaslanýan täze gazak elipbiýiniň taslamasyna belli döwlet edaralarynyň we ylmy töwerekleriň hem işjeň gatnaşandygyny aýdan Nazarbaýew, taslama taýarlanýarka dünýä tejribesinden peýdalanandyklaryny nygtady.

Nazarbaýew dil boýunça geçirilýän özgertmeleriň beýleki dilleriň ösmegine zyýan ýetirmegine we adam hukuklaryny bozmagyna ýol berilmeli däldigine ünsi çekip: “Gazak elipbiýiniň latyn grafikasyna geçmegi haýsydyr bir görnüşde rusça gepleşýän adamlara, rus diline we beýleki dillere ýaramaz täsir ýetirmez. Rus dili şol bir wagtda ulanylmaga dowam ediler. Täze elipbiýe geçmek gazak diliniň öwrenilmegini ýeňilleşdirer” diýdi.

Kirill elipbiýinden latyn elipbiýine geçmek üçin taýarlyk görýän Gazagystan 2018-nji ýyldan başlap mekdeplerde ders kitaplarynyň latyn elipbiýinde neşir edilmegini nazarda tutýar.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli ähli kitaplary, neşirleri we resminamalary latyn elipbiýinde çykarmagy meýilleşdirýändiklerini beýan edipdi.


Etiketkalar: gazak , rusça , rus dili , elipbiý , latyn

Degişli Habarlar