Türkmenistanda Milli Matam güni bellenilip geçildi

Türkmenistanda 1948-nji ýylyndaky ýer titremede ýogalan adamlar hatyralandy

825790
Türkmenistanda Milli Matam güni bellenilip geçildi

Türkmenistanda her ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň gatnaşan ähli söweşlerde wepat bolan adamlar we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde ýogalan adamlar hatyralanýar.

1948-nji ýyldaky beýik Aşgabat ýer titremesiniň 69-njy ýyly mynasybetli guralan çäre ýurdyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Çärä Türkimenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, daşary ýurt wekilhanalaryň resmileri, dini adamlar we raýatlar gatnaşdylar. 

Paýtagt Aşgabatdaky Halk hakydasy diýip atlandyrylan ýadygärlikler kompleksinde geçirilen çärede türkmen lider Berdimuhamedow “Ruhy Tagzym” , “”Milletiň Ogullary”  we “Baky Şöhrat” ýadygärliklerine gül desslerini goýdy.

Ondan soň bolsa nahar hödür kerem edildi.

Berilen sadakalardan soň 1948-nji ýyldaky ýer titremesinde we ähli wepat bolan adamlar üçin dogalar okaldy.

 



Degişli Habarlar