Türkmenistanda bina edilýän desgalaryň sany barha artýar

Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi

Türkmenistanda bina edilýän desgalaryň sany barha artýar

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz ýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Bu barada Hökümetde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, hasabat döwründe bahasy 4 milliard 584 million 300 müň amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 927-si ulanmaga berildi. Meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy.

Şu döwürde 1,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Täze gurlan binalaryň hatarynda myhmanhanalar we şypahana toplumlary, Aşgabat şäherinde gurlan üniwersitetleriň binalary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýlekiler bar. Ýylyň ahyryna çenli iri desgalaryň 338-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. (TDH)



Degişli Habarlar