Russiýanyň Lideri Putin Aşgabatda Saparda Bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabada gelen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini Oguzhan köşkünde resmi dabara bilen garşylady

Russiýanyň Lideri Putin Aşgabatda Saparda Bolýar

Liderler resmi dabaradan soň metbugata gysgaça beýannama berdiler. Ol ýerde söz sözlän Berdimuhamedow, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25-nji ýylyna gabat gelýän saparyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Liderler soň özara duşuşdylar we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen we rus tarapynyň gepleşiklerinden soň iki ýurduň arasynda 13 sany ylalaşyga gol çekişildi. Liderler bolsa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky Şertnama gol çekdiler.

Russiýanyň lideri Putin we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata bilelikde beýannama berdiler.

Berilen bilelikdäki beýannamada türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň strategik häsýete eýedigine ünsi çekildi we “Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitleýin hem-de halkara konýenktura we durnuksyzlyklara bagly bolmandygy” nygtaldy.

Global ykdysadyýetdäki bar bolan ýaramaz şertlere garamazdan Russiýanyň Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolmagynda galýandygy barada nygtalan beýannamada; “Medeni we ynsanperwer gatnaşyklar elmydama türkmen-rus gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeläp, türkmen we rus halklarynyň özara düşünişmegiň, ynam, hormat goýmak esasynda ösýär” diýildi.

 



Degişli Habarlar